Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Taliban» hereketiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

14:3406.02.2021
0
19524

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen «Taliban» hereketiniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi, diýip ORIENT agentligi habar berýär.

Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan sebitiň beýleki döwletlerinde hem ýagdaýlaryň kadalaşmagy ugrunda işjeň çykyş edýär. Türkmenistanyň täjigara we owganara gepleşikleri boýunça eýýäm oňyn tejribesi bar. Türkmenistan şular ýaly gepleşikler üçin syýasy giňişligini hödürleýändigi barada birnäçe gezek mälim edipdi. Şunda, Owganystan bilen bagly ýagdaýda, Aşgabatda geçiriljek gepleşikler oňa gatnaşyjylaryň ählisine deň mümkinçilikleri kepillendirýär.

Diplomatik hyzmatdaşlykdan başga-da, Türkmenistan bilen Owganystany bilelikdäki ykdysady we infrastruktura taslamalary birleşdirýär: Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň, Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň