Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we UNICAP ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar

21:3004.02.2021
0
6896

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler, hususan-da onuň energetika, statistika, söwda we ulag, migrasiýanyň dolandyrylmagy, tebigy heläkçilikleriň peseldilmegi hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlar bilen täze mazmuna eýe bolýandygyny bellediler. Türkmenistanyň UNESCAP tarapyndan maslahatlaryň berilmegi we hünärmenleriň taýýarlygy, sebitleýin tejribäniň hem-de maglumatlaryň utgaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işleri goldaýandygy nygtaldy. BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasy geçen ýylyň mart aýynda gol çekilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilmegi boýunça hem hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandyr.  

Duşuşykda Türkmenistanyň Hökümetiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi babatynda ygrarlylygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy, bu bolsa milli maksatnamalarda hem-de sebitleýin we halkara hyzmatdaşlary bilen özara hereketlerde öz beýanyny tapýandyr. Şunlukda Merkezi Aziýa we ýanaşyk sebitleriň ýurtlarynda durmuş-ykdysady we ekologiki ugurly meseleleriň çözgüdinde türkmen tarapynyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi boýunça başlangyçlarynyň toplumy beýan edildi.  

Pandemiýa bilen baglylykda dünýä ýüzünde emele gelen ýagdaýlar ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasyna öwrüldi. Türkmenistanyň epidemiýanyň ykdysady, durmuş we maliýe netijelerini ýeňip geçmek boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygy bellenilip geçildi. Ýurdumyz bu ugurda köptaraplaýyn özara hereketleriň pugtalandyrylmagyna çagyrýandyr. Geçen ýylyň maý aýynda Türkmenikstanyň başlangyjy bilen onlaýn görnüşinde ýokary derejedäki «Durnukly Ösüş Maksatlaryny maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli gurallarynyň ähmiýeti» atly halkara seminaryň geçirilmegi hem aýdyň we anyk mysallaryň biri bolup biler.

Duşuşykda Howpsuz, kadalaşdyrylan we kanuny migrasiýa hakyndaky Global şertnamanyň (MGŞ) nazarda tutulmagynda bilelikdäki hereketler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli derejede durmuşa geçirilýän migrasiýa ulgamyndaky Türkmenistanyň anyk hereketleri beýan edildi.

Taraplar Merkezi Aziýa sebitine aýratyn üns berdiler. Sebitde ykdysady integrasiýanyň pugtalandyrylmagy we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy nukdaýnazardan Türkmenistanyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenilip geçildi. Döwlet ekologiýa we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berýändir. Hususan-da, Aral meselesi bellenilip geçildi.

Duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) çäklerindäki özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryna, hususan-da, UNESCAP platformasynda serhetüsti kagyzsyz söwda ulgamyndaky tejribeleriň ornaşdyrylmagy arkaly statistika we söwda ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Durnukly ösüş maksatlarynda Türkmenistanyň BMG we onuň sebitleýin komissiýalary bilen mundan beýläk hem netijeli özara hereketleriň dowam edilmegine taýýarlygy bellenilip geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň