Türkmenistanyň oba hojalygyny ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow suw hojalygy pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi hem-de suw gorlaryny aýawly saklamagyň we peýdalanmagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Munuň özi obasenagat toplumyny sazlaşykly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň wezipelerini çözmek bilen gös-göni baglydyr.
Döwlet Baştutany ekinleri suw bilen zerur möçberde üpjün etmek boýunça wezipeler ýerine ýetirilende, satyn alynýan kuwwatly tehnikalary netijeli ulanmagyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pudagyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle hem milletiň Lideri degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Baýjanow Güýzgeldä käýinç yglan edildi.