Türkmenistanyň ýangyç we energetika toplumynyň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.
Döwlet Baştutany geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň depginini has-da güýçlendirmegi, aýratyn hem, nebitiň gorlaryny gözlemäge we ýüze çykarmaga, täze nebitgaz känlerini açmaga degişli ugurlarda işleri has-da çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Milletiň Lideri döwlet korporasiýasynyň işine häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalary esasynda täzeçil usullary ornaşdyrmagyň pudagyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini belläp, şu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.