Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamamedow: «Türkmenistanyň nebit senagaty öňdebaryjy, düşewüntli pudaklaryň birine öwrülmelidir»

23:4802.02.2021
0
9021

Türkmenistanyň ýangyç we energetika toplumynda alnyp barylýan işler bilen bagly geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmennebit» döwlet konserniniň netijeliligini hem-de düşewüntliligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň depgininiň pesdigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Ýurdumyzyň nebit senagaty öňdebaryjy, düşewüntli pudaklaryň birine öwrülmelidir. Bu Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutany bu pudagyň öňünde durýan önümçilik wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň degişli düzümleriň maliýe-ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmaga bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna oňat täsirini ýetirjekdigini aýdyp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň