Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň günbataryndaky tikin fabrigi 14 million manatdan gowrak önüm öndürdi

20:4502.02.2021
0
5002

Geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda “Bereket” tikin fabriginiň işgärleri 14 million manatdan gowrak önüm öndürdi, bu degişli meýilnamadan 6 million manat köpdür. Bu barada “Balkan” gazetinde habar berilýär.

“Bereket” tikin fabrigi, Türkmenistanyň dokma senagatynyň iň ýaş kärhanalaryň biridir. Ol 2011-nji ýylda işe başlady.

Her ýyl sarp edijileriň ýörite buýrugy boýunça öndürilen 600 müň töweregi düşek toplumy – dürli ministrliklere, pudaklara, senagat kärhanalaryna, hususy telekeçileriň zawodlaryna göýberilýär.

Tikin üçin matalar paýtagtyň dokma toplumlaryndan we Türkmenistandaky beýleki degişli kärhanalardan gelýär. Düşekleri we ýassyklary öndürmek üçin ýerli çig mal pagtadan alnan ýüpek pagta ulanylýar, bu bolsa önümçiligiň bahasyny ep-esli azaldýar. Şeýle-de bu öz gezeginde dokmaçylara bazar şertlerine we halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň