Iň gymmat türkmenistanly futbolçy yglan edildi

21:0601.02.2021
0
46965

Ruslan Mingazow Türkmenistanyň iň gymmat bahaly futbolçylarynyň täzelenen sanawynda birinji orny eýeleýär. Bu barada «Transfermarkt» nemes portalynda habar berildi.

29 ýaşly futbolçy transfer bazarynda 500 ýewro möçberinde bahalanýar.

Merkezi Aziýanyň iň gymmat futbolçylarynyň başyny «Ženoanyň» özbegistanly hüjümçisi Eldor Şamurodow çekýär. Onuň transfer bahasy 6,5 million ýewro.

«Transfermarkt»-yň Merkezi Aziýanyň iň gymmat futbolçylaryndan ybarat sanawy mundan ozal 2020-nji ýylyň iýunynda täzelenipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň