Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazow futbol ýoluny Bahreýnde dowam eder

15:0531.01.2021
0
6854
Ruslan Mingazow futbol ýoluny Bahreýnde dowam eder

«Türkmenportal»-a mälim bolşuna görä, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow «Al-Muharrak» topary bilen şertnama baglaşdy. Topar Bahreýniň Premýer-ligasynda oýnaýar we 34 gezek ýurduň çempiony boldy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynda 26 duşuşyk geçiren 29 ýaşly Ruslan Mingazow Çehiýanyň «Slawiýa», «Ýablones», «Mlada Boleslaw», «Pribram», Latwiýanyň «Skonto» toparlarynyň düzüminde Ýewropada futbol oýnandan soň, 2019-njy ýylda Gazagystana geldi. Bu ýerde «Irtyşda» we «Şahtýorda» çykyş etdi.

Karaganda şäheriniň «Şahtýory» bilen baglaşan şertnamasy 2020-nji ýylyň ahyrynda tamamlanan futbolçy täze toparyna erkin oýunçy görnüşinde geçdi. Germaniýanyň «Transfermarkt» portaly ony 500 müň ýewro bahalaýar. Ol häzirki wagtda transfer bazaryndaky iň gymmat türkmenistanly futbolçydyr.

«Al-Muharrak» topary barada aýdylanda bolsa, topar 40 utuk bilen Bahreýniň çempionatynyň 2019-2020-nji ýyllardaky möwsüminde ikinji orny eýeledi. Topar şu ýyl AFK-nyň kubogynda ýaryşar. «B» toparçada çykyş etjek Bahreýniň wise-çempiony Iordaniýanyň «Es-Salt», Liwanyň «Al-Ansar» we Palestinanyň «Markaz Balata» toparlarynyň garşydaşy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň