Türkmenistandan Hindistana ýörite uçuş amala aşyryldy

07:4331.01.2021
0
13342

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Pamposh Constructions Ltd. kompaniýasy Türkmenabatdan Nýu-Delä nobatdaky ýörite uçuşyny gurady.

30-njy ýanwarda IndiGo awiakompaniýasynyň 6E8978 belgili uçary bilen 106 sany raýat Hindistanyň paýtagtyna uçdy, diýip ilçihanada habar berdiler.

Bu pandemiýa başlany bäri, Hindistana amala aşyrylan üçünji ýörite uçuşdyr.

Hindistanyň ilçihanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Deliniň hökümetine minnetdarlyk bildirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň