Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telekeçileri «Merkezi Aziýa — wirtual EKSPO (CAVEX)» onlaýn sergisine gatnaşýarlar

17:4429.01.2021
0
6488
Türkmen telekeçileri «Merkezi Aziýa — wirtual EKSPO (CAVEX)» onlaýn sergisine gatnaşýarlar

2021-nji ýylyň 1 — 26-njy fewraly aralygynda Ýaponiýanyň «ROTOBO» assosiasiýasynyň guramagynda «Merkezi Aziýa — wirtual EKSPO (CAVEX)» onlaýn sergisi geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem gatnaşýar. Serginiň çäklerinde söwda boýunça işewürlik çäreleri, maýa goýum maslahatlary, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri geçiriler.

Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň ýardam bermeginde guralýan çäreler Günüň dogýan ýurdy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Forumyň çäklerindäki gepleşikler onlaýn görnüşde geçirilýär hem-de onuň ýörite internet saýty hereket edýär. Sergä gatnaşyjylar häzirki pandemiýa döwründe sanly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi dowam etmegiň möhümdigini nygtaýarlar.

Ýeri gelende bellesek, «ROTOBO» assosiasiýasy Ýaponiýa bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň, şeýle-de Mongoliýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny, hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, 1967-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda döredilip, häzirki wagtda 200 töweregi agzany özünde jemleýär. Olaryň hatarynda söwda, ulag-aragatnaşyk düzümleri, senagatyň dürli ugurlarynda işleýän kärhanalar, bank, maliýe edaralary we beýlekiler bar. Assosiasiýada hyzmatdaş ýurtlarda işewürligiň ýagdaýy yzygiderli seljerilýär we ýaýradylýar, maslahat beriş hyzmaty ýerine ýetirilýär. Ol işewürlik maslahatlaryny, okuwlary, hünärmenleri alyşmak işlerini guraýar.

Sergide ýurdumyza edara-kärhanalaryň 10-sy, şol sanda «Täç hil», «Miweli ülke» hususy kärhanalary, «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti wekilçilik edýär. Sanly diwarlyklarda olar hakynda giňişleýin maglumat berilýär.

«CAVEX» wirtual sergisinde Türkmenistanyň gününi 19-njy fewralda geçirmek meýilleşdirilýär. Serginiň internet salgysy: www.rotobo-cavex.jp

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň