Arhiw

«Alaýyň» sport direktory toparyň AFK-nyň kubogyndaky maksatlary barada aýtdy

11:3329.01.2021
0
4659

Gyrgyzystanyň «Alaý» futbol toparynyň sport direktory Irakli Hwedeliani «Sport.kg» saýtynda toparyň AFK-nyň kubogy ― 2021-däki garşydaşlary barada pikirlerini beýan etdi. Gyrgyz topary yklymyň ikinji derejeli ýaryşyndan Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň wekilleri bilen duşuşar.

― Toparçanyň ýagdaýy biziň üçin garaşylmadyk netije däl. Garşydaşlarymyz güýçli. Özbek toparlary bolsa tutuş Aziýada hem güýçli bäsdeşligi bilen meşhurdyr. «Hujand» ― Täjigistanyň wise-çempiony. Topar uzak wagtlap milli çempionatda öňdebaryjylygy saklaýar. «Altyn asyr» hem soňky ýyllarda Türkmenistanyň çempionatynyň iň rüstem topary. Mahlasy, garşydaşlarymyzyň ählisi örän güýçli. Her bir duşuşyga garşydaşymyza görä aýratyn taýýarlanarys. Mümkin boldugyndan, gowy netije gazanmak üçin zerur taktikalary seljereris.

Toparymyz heniz Aziýada kanagatlanarly netijeleri gazanyp biledi. Ýöne biz yklym ýaryşlaryndaky taryhymyzy täzeden ýazmak isleýäris. Bu maksada ýetmek üçin täze, güýçli topar düzmegiň üstünde işleýäris. Täze möwsümiň taktikasy hem üns merkezindäki esasy ýagdaýlaryň biri. Janköýerlerimiziň garaşýan oýnuny orta goýmak üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys.

AFK-nyň kubogynyň täze möwsümi üçin bije çekilişigiň 27-nji ýanwarda bolandygyny ýatladýarys. Gyrgyzystanyň kubogynyň häzirki eýesi «Alaý» «F» toparçada Özbegistanyň AGMK ýa-da «Nasaf», Türkmenistanyň «Altyn asyr», Täjigistanyň «Hujand» toparlary bilen duşuşar.

Yklym ýaryşynyň toparçalaýyn duşuşyklary 14 ― 20-nji maý aralygynda geçirilse, toparçalaryň ýeňijileri biri-biri bilen 11-nji we 25-nji awgustda duşuşar. Zolagyň çempiony ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň