Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

23:5328.01.2021
0
6222

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri gatnaşdylar.

Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy baradaky meselelere garaldy.

Seredilen meseleleriň arasynda

Milletiň Lideriniň Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyň barşynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň gyş döwründe talabalaýyk ýyladylyşy, ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi;

Aşgabatda täze halkara saglyk merkezlerini gurmak;

ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagyna we olaryň öňüni almaga gözegçilik etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilişi;

we Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli açyljak desgalar bilen bagly meselelerdir wezipeler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň