Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Lebap welaýatynda iri desgalaryň açylyş dabaralary bolar

23:5028.01.2021
0
13315

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Meredow Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen “Türkmeniň ak öý binasynyň”, sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen döwrebap Kerki howa menziliniň hem-de Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, desgalaryň gurluşygynyň iş depginini artdyrmagyň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere we häkime gurluşyklaryň ýokary hil derejesinde we bellenen möhletlerinde ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň