Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat barada iň gowy aýdymlaryň bäsleşigi yglan ediler

23:5225.01.2021
0
15348

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça amala aşyran saparynyň çäklerinde Aşgabadyň dürli döwürlerde döredijilik işgärleriniň, aýdymçylaryň we kompozitorlaryň täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny, şeýlelikde, paýtagtymyz hakyndaky birnäçe çeper eserleriň, aýdymlaryň döredilendigini belledi.

Döwlet Baştutany “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigini, onuň giňden baýram ediljekdigini belläp, bu şanly sene mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşiginiň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ak mermerli Aşgabada bagyşlanyp dörediljek aýdymyň goşgusynyň, sazynyň we aýdymy ýerine ýetirijiniň sazlaşygyndan döremelidigini aýdyp, onuň halkymyzyň belent ruhuna kybap gelmelidigini, onda paýtagtymyzyň ilatynyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Milletiň Lideri Aşgabat hakynda dörediljek aýdymlar paýtagtymyzyň gözel keşbini suratlandyrýan şekiller bilen utgaşdyrylmalydygyny, bäsleşigiň ýeňijileriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde yglan edip, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan sylaglanmalydyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň