«Türkmen Logistika» bilen KAZLOGISTICS-iň arasynda Ähtnama gol çekildi

12:5624.01.2021
0
14854

«Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen Gazagystanyň KAZLOGISTICS birleşiginiň arasynda özara hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekildi. Bu barada ORIENT habar berýär.

Resminama laýyklykda, iki tarapyň hem sebitleýin we halkara çärelere gatnaşmagy, özara peýdaly çözgütleri döretmek üçin bilelikdäki taslamalary işläp düzmek we durmuşa geçirmek, halkara guramalarynyň we maliýe edaralarynyň maýa goýum taslamalary göz öňünde tutulýar. 

Şeýle hem, Ähtnamanyň çäginde hyzmatdaşlygyň aşakdaky görnüşleri meýilleşdirilýär: 

  • maglumat we tejribe alyşmak,
  • hünärmenleri taýýarlamak, bu babatda gysga wagtlyk okuwlary geçirmek;
  • üpjünçilik zynjyrlaryny we halkara ulag geçirijilerini optimizirlemek meselelerine netijeli çözgüt tapyp, logistika pudagyna häzirki zaman sanly ulgamlary ornaşdyrmak;
  • özara pikir alyşmalary guramak, üstaşyr geçiriş boýunça täze gözlegleri bilelikde alyp barmak;
  • tejribe alyşmak maksatly okuw maslahatlaryny guramak; 
  • logistika pudagyndaky halkara guramalaryň, kompaniýalaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda maslahatlary, işewür forumlary, seminarlary, ussatlyk sapaklaryny, tegelek stollary bilelikde geçirmek.

Şeýlelik bilen, bu Ähtnama taraplara amatly we ykdysady taýdan amatly ulag şertlerini döretmek boýunça geňeşmeleri geçirmekçi we ykdysady işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, täze, geljegi uly taslamalary döretmek we durmuşa geçirmek üçin mümkinçilik döreder.

«Türkmen Logistika» assosiasiýasy 2020-nji ýylda esaslandyryldy we häzirki wagtda içerki we daşarky kärhanalaryň 90-dan gowragy bilen hyzmatdaşlyk saklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň