Türkmenistanly talyplara Hindistanyň okuw maksatnamalarynyň ikisi boýunça okamak teklip edilýär

11:5924.01.2021
0
9875

Hindistanyň Aşgabatdaky diplomatik missiýasynyň başlygy Widhu Pithambaran Nair Türkmenistanyň iri ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary bilen onlaýn duşuşyklary geçirdi. Bu barada SNG Today habar berýär.

Duşuşyklar Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogyýew we Magtymguly adyndaky TDU-nyň rektory Baýramgül Orazdurdyýewa bilen geçirildi.

Duşuşyklaryň barşynda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara gatnaşyklary giňeltmek baradaky wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Taraplar alymlaryň alyş-çalşynyň geljegini, şeýle hem Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygy (ITEC) maksatnamasynyň çäginde türkmen talyplaryny taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hindi medeni geňeşiniň (ICCR) maksatnamasy arkaly bolsa talyplaryň talyp hakyny almak mümkinçiliklere hem aýratyn üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň