Top.Mail.Ru

AFK-nyň kubogy ― 2021: «Altyn asyr» bilen «Ahal» bir toparçada ýaryşmaz

15:5922.01.2021
0
7285

Türkmenistanyň «Altyn asyr» we «Ahal» futbol toparlary AFK-nyň kubogy ― 2021-e toparçalaýyn tapgyrdan girişerler.

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy yklymyň ikinji derejeli toparlaýyn ýaryşynyň 27-nji ýanwarda geçiriljek bije çekilişigi üçin sebetleri yglan etdi. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Bu ýyl AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň Merkezi zolagynda käbir üýtgeşmeler bar. Bu zolaga ozal wekilçilik eden türkmen, täjik we gyrgyz toparlaryna indi Özbegistandan hem bir topar goşuldy. Şeýlelikde, Merkezi zolakdaky göreş 7 toparyň arasynda gider. Olaryň ählisi merkezleşdirilen görnüşde geçiriljek toparçalaýyn tapgyra gatnaşar. 27-nji ýanwarda boljak bije çekilişikleriň netijesinde bu zolakda iki toparça emele geler. Olaryň birinde dört, beýlekisinde üç wekil bolar. Toparçalaryň ýeňijileri zolaklaýyn finala gatnaşarlar.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň çempiony bolan we ýurduň Kubogyny gazanan «Altyn asyr» bije çekilişige Gyrgyzystanyň «Dordoýy» bilen ikinji torbadan gatnaşar. Ýurdumyzyň kümüş medalynyň eýesi «Ahal» bolsa Täjigistanyň «Hujand» futbol topary bilen üçünji sebedi emele getirdi. Sebetleriň bu ýagdaýy türkmen toparlarynyň bu ýyl bir toparçada çykyş etmejekdigini görkezýär. Olaryň diňe zolaklaýyn finalda biri-birine garşydaş bolmak mümkinçiligi bar.

Hatda bu barada AFK ýörite çözgüt hem kabul etdi. Oňa laýyklykda, Merkezi zolakda bir döwletiň iki topary bir toparçada ýaryşmaz.

Geçen ýyl düzüminde ildeşimiz Arslanmyrat Amanow hem çykyş eden AGMK AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrlaryndan üstünlikli geçip, yklymyň birinji derejeli ýaryşyna goşulyp bilse, Özbegistana Garşy şäheriniň «Nasafy» wekilçilik eder. Eger AGMK muny başarmasa, yklym ýaryşyny AFK-nyň kubogyndan başlar.

Merkezi zolagyň sebetleri:

1-nji sebet: AGMK ( ýa-da «Nasaf», Özbegistan), «Rawşan» (Täjigistan).

2-nji sebet: «Altyn asyr» (Türkmenistan), «Dordoý» (Gyrgyzystan).

3-nji sebet«Hujand» (Täjigistan), «Ahal» (Türkmenistan).

4-nji sebet: «Alaý» (Gyrgyzystan).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň