Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda gol çekişilen Ähtnama ýokary baha berýär

13:4522.01.2021
0
10320

Hazar deňziniň iki kenarynda ýerleşýän dostlukly ýurtlar bolan Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda gol çekilen ylalaşyk bilen baglanyşykly Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan hem beýanat berildi. Bu barada Trend Anadolu habarlar agentligine salgylanyp, habar berýär.

«2021-nji ýylyň 21-nji ýanwary, Belgi: 31, Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmegi barada» atly beýanatda hususan-da şeýle diýilýär.

–  Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki “Dostluk” diýlip atlandyrylan uglewodorod ýatagynyň bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek babatda ylalaşyga gelmegini uly hoşallyk bilen kabul edýäris.

Bu şertnamanyň iki ýurduň dostlugyny pugtalandyrmagyny, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň dostlukly we dogan halklary üçin peýdaly bolmagyny we sebitiň gülläp ösmegine we durnuklylygyna goşant goşmagyny arzuw edýäris.

Şeýle hem bu şertnamanyň Türkiýe bilen Ýewropanyň galan böleginiň energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrjak taslamalaryň hem öňüni açmagyny arzuw edýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň