Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan halkara ýaryşlara gatnaşmaga geljek türgenleri koronowirusa garşy sanjymlaryň dürli görnüşleri bilen mugt üpjün eder

23:5020.01.2021
0
35489
Türkmenistan halkara ýaryşlara gatnaşmaga geljek türgenleri koronowirusa garşy sanjymlaryň dürli görnüşleri bilen mugt üpjün eder

2021-nji ýylda hem ýurdumyzda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň Kubogyny almak boýunça abraýly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyry geçiriler. Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjiginde iri halkara ýaryşlara görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşlygynyň çäginde sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň bu baradaky hasabatyny diňledi.

Döwlet Baştutanyna şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri daşary ýurtly türgenleriň ýokanç kesellerden goranmaklary üçin olara sanjym geçiriljekdigi, munuň üçin hemme zerur şertleriň bardygy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda dünýäde köp ýurtlaryň pandemiýa bilen bagly sanjymlary öndürip başlandygyna ünsi çekdi. Aýdaly, “Sputnik V” sanjymyny ulanmaga doly haklydyrys. Sebäbi biz bu sanjymy bellige aldyk.

Geljekde bu ugurdaky işleri dowam etmegiň hem-de beýleki ýurtlaryň öndürýän sanjymlaryny bellige almak bilen bagly gepleşikleri geçirmegiň zerurdygyny belläp, Türkemnistanyň Prezidenti degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Çünki ýaryşa gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden türgenler paýtagtymyza geler.

Bizde bellige alnan sanjymyň bolandygyna garamazdan, daşary ýurtly türgenleriň beýleki öňüni alyş sanjymlaryna ýa-da beýleki serişdelere isleginiň bolmagy mümkin. Şoňa görä-de daşary ýurtdan geljek türgenleriň saýlamaga mümkinçiligi bolmalydyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Biz bu sanjymlaryň ähli görnüşlerini mugt üpjün etmelidiris. Munuň üçin biziň ähli mümkinçiliklerimiz bar. Şunuň baglylykda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň