Soňky habarlar

Arhiw

2021-nji ýylda türkmenistanly eminleriň 13-sine FIFA ygtyýarnamasy berildi

21:2720.01.2021
0
15054

Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasy (FIFA) 2021-nji ýyldaky halkara duşuşyklara gatnaşjak eminleriň sanawyny düzdi. Täze sanawda türkmenistanly eminleriň 13-si bar. Olaryň dördüsine futbol boýunça halkara duşuşyklaryň esasy, 6-syna kömekçi emini, ikisine futzal duşuşyklarynyň, birine bolsa kenarýaka futboly boýunça duşuşyklaryň emini bolmak hukugy berildi.

FIFA ygtyýarnamaly eminleriň sanawy:

  • Arslan Goşşanow (Tejen)
  • Çarymyrat Gurbanow (Aşgabat)
  • Resul Mämmedow (Aşgabat)
  • Alibek Sapaýew (Daşoguz)

FIFA ygtyýarnamaly kömekçi eminler:

  • Berdimämmet Atdyýew (Tejen)
  • Ahmet Begnazarow (Mary)
  • Akmyrat Gurbanow (Aşgabat)
  • Babanazar Haknazarow (Aşgabat)
  • Şageldi Hydyrow (Balkanabat)
  • Pälwan Pälwanow (Daşoguz)

FIFA ygtyýarnamaly futzal eminleri:

  • Azat Hajypoladow (Balkanabat)
  • Timur Ramazanow (Aşgabat)

Kenarýaka futboly boýunça FIFA ygtyýarnamaly emin:

Timur Gulmyradow (Aşgabat).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň