Gazagystan Respublikasynda 7 — 12-nji ýanwar aralygynda geçirilen matematika, fizika we informatika dersleri boýunça Halkara ders bäsleşiginde türkmen mekdep okuwçylarynyň üstünlikli çykyş etmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli bilim ulgamynda başy başlanan özgertmeleriň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Ozal habar berlişi ýaly, ders bäsleşigine dünýäniň 21 ýurdundan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Awstriýadan, Daniýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Mongoliýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Ermenistandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan zehinli okuwçylaryň müňden gowragy gatnaşdy. Ýurdumyzyň toparyna halkara derejede ukyplaryny mynasyp görkezen bäsdeşleriň 10-sy wekilçilik etdi.
Zehinlileriň informatika boýunça bäsleşiginde paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň okuwçysy Süleýman Ataýew kümüş medal gazandy. Aşgabatdan hem-de Diýarymyzyň welaýatlaryndan ýokary synp okuwçylarynyň ýedisi üçünji orna we bürünç medallara eýe boldular. Şolardan üçüsi matematika boýunça, üçüsi fizika boýunça we biri informatika boýunça gazanyldy.