Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

02:4920.01.2021
0
11274

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň medeniýet ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.

Mejlisde

Balkan welaýatynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şol sanda ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edilişi ýaz-meýdan işlerine taýýarlyk, gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, ýerleri taýýarlamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli we maksatnamalaýyn işler;

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalarda alnyp barylýan işler;

Mary welaýatynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işleriň agrotehniki talaplara laýyk gelmegini üpjün etmek, ýerleri we oba hojalyk tehnikalary ekiş möwsümine taýýarlamak, şol birwagtyň özünde ýazlyk gök we bakja ekinleriniň ekiljek ýerleriň, şonda ulanyljak tehnikalaryň taýýarlyk derejesi boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler;

welaýatyň çäginden gözbaş alan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynda degişli işler;

medeniýet ulgamynda “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda ýaýbaňlandyrylan çäreler bilen bagly meselelere seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň