Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan üçin iki sany «Airbus» ýük uçaryny satyn almak barada şertnama baglaşyldy

19:4319.01.2021
0
16907

Şu ýylyň 18-nji ýanwarynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň  wekilleri bilen Fransiýanyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda « 2013-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli raýat awiasiýasyny ösdürmeklik boýunça milli Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegi barada wideomaslahat geçirildi.

Wideomaslahatyň netijesinde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburow  «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň lizing, müşderi maliýeleşdirmesi we emläk bölüminiň başlygy,  jenap P. Maýers bilen  «P2F» modifikasiýasy bolan «A330-200F» modelinden iki  sany ýük uçaryny satyn almaklyk barada şertnama baglaşdy. Bu şertnama 2021-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu modelden iki sany ýük uçaryny satyn almaklyk baradaky kararyna laýyklykda gol çekildi.

 «P2F» modifikasiýasy bolan «A330-200F» ýük uçarynyň ýük göterijiligi 59 tonna çenli, uçuş aralygy bolsa 7400 kilometre çenli.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň