Top.Mail.Ru

Arhiw

Russiýanyň «MIR24» teleýaýlymy Aşgabat «Çeper» halyçylyk kärhanasy barada gürrüň berdi

15:1318.01.2021
2
15000

Russiýanyň «MIR24» teleýaýlymynyň habarçysy Wladimir Serouhow ýakynda Aşgabatda açylan «Çeper» halyçylyk kärhanasyna baryp gördi, bu ýerde türkmeniň haly dokamak sungaty saklanýar.

Habarçynyň habar berşi ýaly, bu kärhana häzirki wagtda Türkmenistanda syýahatçylaryň iň meşhur ýerlerinden birine öwrüldi. 200-den gowrak haly dokaýjynyň bir wagtyň özünde nähili işleýändigini, ýüzlerçe açyk sapaklardan adaty nagyşly halylar bilen bir hatarda, dürli şekiller, portretler ýerleşdirilen halylary, sowgatlyk önümleri dokaýandygyny görüp bilersiňiz. Bu ýerde ýüzden gowrak reňk ulanylýan mozaika halylaryny ýygnaýarlar we iki görnüşde –  dikligine we keseligine dokma dokalýar. 

Häzirki wagtda  türkmen halysy diňe bir gündelik durmuşyň bir bölegi bolman, eýsem sungat eseridir. Şonuň üçinem ýerli senetçiler köpçülikleýin önümçilik döwründe-de elde öndürilýän adaty tehnologiýany seresaplylyk bilen gorap saklaýarlar.

Haly dokamak boýunça hünärmen Maýa Ataýewa:

«Halyçylyk sungatyny nesillere geçirmeklik üçin uly tagallalar edildi. Halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän bu milli mirasy medeniýetimizi, taryhymyzy, türkmen topragynyň ajaýyp tebigatyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli sebitlerde çeper halçylyk kärhanalary guruldy.»  – diýip belledi.

Haly önümleri Gazagystana, Özbegistana, Owganystana, Azerbaýjana we Türkiýä eksport edilýär. Häzirki wagtda bolsa, toplumyň ýolbaşçylary Ýakyn Gündogarda, Russiýada we Ýewropada kompaniýalar bilen söwda gepleşikleri geçirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Watanymyz ( 18.01.2021 )

Наши туркменские ковры с годами становятся ещё лучше.

0