Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen polipropileni Kubandaky täze zawod üçin çig mal bolar

20:1517.01.2021
0
20543

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Krasnodar ülkesiniň Ust-Labinsk şäherinde polipropilen önümlerini öndürýän zawod açyldy. Zawodyň işlemegi üçin esasy çig mal bolan polimer toplary Türkmenistandan getirilýär.

Zawod şeker, un, duz, krahmal, gury iýmit we gurluşyk serişdelerini gaplamak üçin haltalary öndürer. Onuň bir ýylda 8,5 milliondan gowrak halta öndürmäge mümkinçiligi bar.

Mundan başga-da, zawod polietilen plyonka öndürmek üçin niýetlenendir. Bu ýerde öndürilen plýonka oba hojalyk we gurluşyk pudaklarynda ulanylar.

Bular barada livekuban.ru habar berýär

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň