Owganystanyň Prezidenti Mary we Hyrat şäherlerini dogan şäherler diýip yglan etmegi teklip etdi

14:2515.01.2021
0
17339

14-nji ýanwarda Türkmenistan bilen Owganystanyň bilelikdäki taslamalarynyň açylyş dabarasyna onlaýn görnüşinde gatnaşan owgan Lideri Muhammad Aşraf Gani bu ýerde eden çykyşynda möhüm wezipeleriň birnäçesine degip geçdi.

Türkmen we owgan halklarynyň taryhyň bütin dowmayndaky goňşuçylygyna ünsi çeken dostlukly döwletiň Baştutany öz çykyşynda «Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýol kartasynyň üstünde işleýäris hem-de iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň, aýratyn hem elektrik energetikasy we demir ýollar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşinden hoşaldyrys» diýip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi.

Şeýle hem Owganystan Hyrat we Mary şäherlerini dogan şäherler diýip yglan etmegi teklip edýär. Munuň özi ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryny has-da berkider.

2019-njy ýylyň 30-njy iýuly – 2-nji awgusty aralygynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň häkimi Abdul Kaýum Rahiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem-de Aşgabat şäherinde saparda bolandygyny ýatladýarys. Wekiliýetiň Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň häkimi hem-de degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Welaýata iş saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalarynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guramagyndaky türkmen telekeçileriniň sergisine gatnaşdylar we welaýatyň beýleki gözel ýerlerine aýlanyp gördüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň