Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä 50 ýyl ozalkydan has çalt aýlanýar

18:5013.01.2021
0
2419

Dünýä 2020-nji ýylda adatdan daşary çalt aýlandy.  1960-njy ýyldan bäri saklanylýan ýazgylara görä, 2020-nji ýylda Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanmagy ortaça görkezijiden has tiz, millisekuntda tamamlandy.Ýeriň aýlanyş wagtyny ölçeýän atom sagatlary, iň gysga günleri 2020-nji ýylda hasaba aldy.

1973-nji ýyldan bäri iň gysga gün 2005-nji ýylyň 5-nji iýulynda boldy. Şol gün Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanyşy 86400 sekuntdan az, 1516 millisekunt dowam etdi. Şeýle-de bolsa, dünýä bu rekordy 2020-nji ýylyň ortalarynda azyndan 28 gezek geçdi. 2020-nji ýylyň iň gysga güni 19-njy iýul boldy. Şol gün Ýer öz okunyň daşyndan aýlanyşyny 14602 millisekunt çalt tamamlady.

Ýeriň aýlanma tizligi eredilen ýadronyň, ummanlaryň, atmosferanyň we beýleki täsirleriň çylşyrymly hereketi sebäpli yzygiderli üýtgeýär.

1960-njy ýyllaryň ahyrynda hemra ölçegi usuly ulanylyp başlaly bäri, Ýeriň aýlanyş tizligi haýallaýar we has köp sekunt ýazga alyndy.

Dünýäniň aýlanma tizligini synlaýan alymlar 2021-nji ýylda has gysga günlere garaşýarlar. Hasaplamalara görä, 2021-nji ýylda ortaça bir gün 86400 sekuntdan 0,05 millisekunt (ms) gysga bolar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň