«Interfaks»-yň HHR-nyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Çjao Liszýanyň brifingde eden çykyşyna salgylanyp berýän habaryna görä, penşenbe güni, 14-nji ýanwarda BSGG-niň hünärmenleri Wuhan şäherinde «COVID-19» koronawirusynyň çeşmesini gözläp başlar.
«CGTN» teleýaýlymy Çjao Liszýanyň sözlerine salgylanyp:
«Häzirki wagtda meýilnamamyz boýunça 14-nji ýanwarda Singapurdan Wuhana uçarlar, goşmaça maglumatlar bar bolsa Hytaý ony hemmeler bilen paýlaşmaga taýyn.» – diýip, habar berdi.
Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasynyň bilermenler toparyna Russiýa, ABŞ, Wýetnam, Beýik Britaniýa, Sudan, Katar, Gollandiýa, Awstraliýa, Daniýa, Germaniýa, Keniýa we Ýaponiýa alymlary girýär.
Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasynyň başlygy Tedros Adhanom Gebreýesus 11-nji ýanwarda geçirilen brifingde çykyş etmeklik bilen:
«Halkara alymlar toparynyň - on edaranyň we ýurduň belli hünärmenleriniň, wirusyň gelip çykyşy barada hytaýly kärdeşleri bilen ylmy gözleglere gatnaşmaklyk üçin Hytaýa sapara başlaýandyklaryna begenýäris.» – diýip belledi.
«COVID-19» koronawirusynyň ilkinji hadysasy 2019-njy ýylyň 17-nji noýabrynda tapyldy. Alymlaryň köpüsi, «COVID-19»-yň adamlara ýaralardan geçip bilýän zoonotik wirusdygyna ynanýarlar.