Soňky habarlar

Arhiw

Taryhda bu gün, Gökdepe söweşinden 140 ýyl geçdi

12:5912.01.2021
1
28562

140 ýyl ozal, 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda, 20 günlük gabawdan soň Gökdepe gala ýykyldy. Bu gala iri goşunly (korpus)  ekspedisiýa  garşy duran türkmenleriň iň soňky berkitmesidir.

Türkmen halkynyň taryhynda iň täsirli sahypalaryň biri bu sene bilen baglanyşyklydyr. Dürli çaklamalara görä, Gökdepe galasyna hüjüm edilen gününde boýun egmedik türkmenleriň 6-8 müňüsi şehit boldy.

Galanyň batyrgaý goragçylarynyň edermenligi halk hakydasynda baky ýaşaýar. 1993 – 1995-nji ýyllarda Gökdepe galasynyň çäginde ajaýyp metjit guruldy. Galanyň özi bolsa Döwlet taryhy we medeni goraghanasy diýlip yglan edildi.

2009-njy ýylda 1881-nji ýylyň Gökdepe söweşiniň taryhyna bagyşlanan «Gökdepe» milli muzeýi açyldy. 2014-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabatda 1948-nji ýylyň ýer titremesinde we Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan ildeşlerimiziň, şol sanda Gökdepe şehitleriniň hormatyna «Halk Hakydasy» ýadygärlikler toplumy açyldy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň