Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

SOCAR türkmen nebitini satyn alar

12:1812.01.2021
0
13095

Ýakyn iki ýylyň dowamynda “SOCAR Trading” (Azerbaýjan) kompaniýasy Türkmenistanda Önümi paýlaşmak hakynda Şertnamanyň şertlerinde iş alyp barýan Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasyndan iki million tonna nebit satyn alar. Bu barada “oilgas.gov.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Azerbaýjan kompaniýasy “Petronas”-yň Gyýanly nebit ýataklaryndan çykarylýan nebit çig malyny satyn almak boýunça bäsleşiginde ýeňiji boldy. Şertnama iki ýyl möhlet bilen baglaşyldy we möhletini uzaltmak mümkinçiligine eýe boldy, diýip “Trend” agentligi habar berýär.

Öň, “SOCAR Trading” şeýle hem “Eni Turkmenistan” kompaniýasynyň 2021-nji ýylda Ekerem käninden çykaryljak 500 müň tonna nebit çig malyny satyn almak bäsleşiginde hem ýeňiji bolupdy.

Türkmen nebitiniň satyn alynýan möçberlerini Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisi boýunça ugratmak meýilleşdirilýär. Munuň özi, hünärmenleriň çaklamasyna görä, bu nebit ugry boýunça iberilýän çig mallaryň möçberleriniň artmagyna getirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň