Ýakynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Bütindünýä küşt federasiýasynyň ussady, halkara derejeli emin Şöhrat Myratgulyýewiň «Gündogaryň ajaýyp oýny» atly täze kitaby iňlis dilinde çapdan çykdy.
«Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edilen kitapda türkmen halkynyň söýgüli oýny bolan küştüň taryhy barada gyzykly we täsirli maglumatlar ýerleşdirilipdir. Bu ýerde gadymyýetde türkmen küştçüleriniň küşt sungatyna goşan goşantlary barada, her bir döwürde türkmen küştçüleriniň dünýäde gazanan üstünlikleri hakynda örän giňişleýin beýan edilýär. Kitap birnäçe täsirli we taryhy suratlar bilen bezelipdir. Gadymy küşt oýny barada aýdylýan ajaýyp sözler hem täze neşirde öz beýanyny tapypdyr. Kitapda türkmen küştçileriniň 500-den gowrak ajaýyp saýlama oýunlary ýerleşdirilipdir. Esasy belläp geçmeli zat, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan alnan küşt oýny baradaky ajaýyp rowaýatlar uly ähmiýete eýedir. Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenýär.