Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk komitetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi

23:4006.01.2021
1
16746

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi ― diýip, TDH habar berýär.

Milletiň Lideri mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi.

Mejlisde seredilen meseleleriň hatarynda:

― başy başlanan toplumlaýyn harby özgertmeleriň öňe ilerledilişiniň barşy, ýokary hünärli harby işgärleriň taýýarlanylyşy, harby gullukçylaryň gulluk etmegi we durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilişi;

― ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini we durnuklylygyny saklamak, raýatlaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen görülýän çäreler;

― Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek ýaly jogapkärli wezipe ýüklenilen, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň alyp baran işleriniň netijeleri, şeýle hem serhet galalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, serhetçileriň söweşjeň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçen ýyl görlen anyk çäreler;

― 2020-nji ýylda milli kazyýet ulgamyny has-da ösdürmek, täze taryhy eýýamyň talaplaryny nazara alyp, dünýä ölçeglerine laýyk getirmek, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri;

― döwletiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunylygyň berjaý edilişine amala aşyrylan gözegçilik, hukuk düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän köptaraply işler;

― Türkmenistanda durnuklylygy, kanunçylygy we hukuk-tertibini saklamak boýunça geçen ýyl MHM-nyň amala aşyran işleri;

― ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, täze kanunlaryň taslamalarynyň üstünde geçirilýän işler;

― Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleriniň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak hem-de olaryň usullaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilen işler;

― dünýä ýüzünde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, gümrük nokatlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça degişli döwürde amala aşyrylan işler;

― 2020-nji ýylda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýerine ýetiren işiniň netijeleri hem-de milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli harby özgertmelerini üstünlikli ilerletmekde möhüm orun eýeleýän Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň köpugurly işleri ýaly wezipeler bar.

Mejlisiň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy G.Hallyýewe ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, hukuk tertibini pugtalandyrmakda, milli kanunçylygy we hukuk işini ýokarlandyrmakda, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandygy üçin «Türkmenistanyň at gazanan ýuristi» diýen hormatly adyň dakylandygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany Mejlis bilen ylalaşyp, G. Hallyýewiň başga işe geçmegi sebäpli, Ýokary kazyýetiň başlygy wezipesinden boşadylandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine Guwançmyrat Ussanepesow bellenildi hem-de oňa ikinji hünär derejesi berildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
patriotturkmen ( 07.01.2021 )

Мой самый любимый Президент.

0