Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradow «Bellatorda» islendik garşydaş bilen tutluşmaga taýýar

18:5706.01.2021
1
11655
Döwletjan Ýagşymyradow «Bellatorda» islendik garşydaş bilen tutluşmaga taýýar

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator» sport guramasyndaky ýokary bäsleşige garamazdan islendik garşydaş bilen göreşe taýýardygyny aýtdy. Onuň aýdanlary «Orientde» şeýle getirilýär:

«Ýaryşyň derejesi beýleki ýaryşlardan ýokary-da, pes hem däl. Tutluşykda garşydaşyň güýji barada jedel edilmeýär. Türgen eýýäm tutluşyga çykanda, ýeňjekdigine ynanmaly. Ol batyrgaý bolmaly, şol bir wagtda-da garşydaşa kembaha seretmeli däl. Muňa garamazdan, men islendik garşydaş bilen tutluşyga taýýar. Meşhur nakyl bilen aýdanymda, «möjekden gorkan adam tokaýa girmez».

Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator« barada hem pikirlerini beýan etdi:

«Bellator» häzirki wagtda Amerikada iň abraýly sport guramalarynyň biri. Şol bir wagtda-da ol dünýäde garyşyk söweş sungaty boýunça ýaryşlary guraýan we dolandyrýan iň uly kompaniýalaryň biridir. Onda güýçli wekiller bar”.

Ýeňil agyr agram derejesinde çykyş edýän Döwletjan Ýagşymyradowyň geçen ýylyň dekabrynda «Bellator» bilen şertnama baglaşandygyny ýatladýarys. Onuň şertnamasy, häzirlikçe, iki tutluşyk üçin. Ýöne henize çenli biziň ildeşimiziň «Bellatordaky» garşydaşy belli däl.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
patriotturkmen ( 06.01.2021 )

Довлетджан наш!! ✊Чемпион номер один✊

5