Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar ― diýip, TDH habar berýär.
Çykyş edenler 2021-nji ýylyň halkyň erk-isleginiň nyşanyna öwrülen şygarynyň Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini giňden wagyz etmäge, olaryň ähmiýetini açyp görkezmäge, iri möçberli ykdysady özgertmelere hem-de durmuş taýdan öňegidişliklere itergi bermäge, şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilendigini nygtadylar.
Çykyşlarda şu ýylyň şygarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen “2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama bilen mynasyp utgaşýandygy bellenildi. Ýurdumyzyň baş şygarynda ýaşlary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana çäksiz buýsanç hem-de söýgi ruhunda terbiýelemek baradaky pikiriň hem öz beýanyny tapýandygyny aýtmak gerek.
“2021-nji ýyl, Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly maslahata gatnaşyjylar yglan edilen bäsleşigiň netijesinde saýlanyp alnan nyşanyň ýurdumyzda eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ähli dabaraly çärelerde giňden ulanyljakdygyny bellediler.
Ýygnananlar döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ösüş ýolundaky batly gadamlary hem-de barha artýan halkara abraýy ugrunda bitirýän ägirt uly işleri üçin hoşallyk bildirip, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň şanly sepgitler we beýik işler bilen şöhratlandyryljakdygyny nygtadylar.
Toý ýylynda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de berkitmek, ylym, bilim, saglygy goraýyş, durmuş ulgamlaryny ösdürmek boýunça giň möçberli çäreler kesgitlenildi.