Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanow «Sogdiananyň» Daşkentdäki türgenleşiklerine goşuldy

23:1704.01.2021
0
5273
Arslanmyrat Amanow «Sogdiananyň» Daşkentdäki türgenleşiklerine goşuldy

«Sogdiana» futbol topary Özbegistanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyklara girişdi ― diýip «Championat.asia» habar berýär. Topar Daşkentdäki «Pahtakor» stadionynda türgenleşýär.

Toparyň ilkinji türgenleşiklerine türkmenistanly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow hem gelip goşuldy. Onuň ýakynda toparyň düzümine ymykly goşulmagyna garaşylýar.

Toparyň baş tälimçisi Ulugbek Bakaew Arslanmyrat Amanow bilen 2018-nji ýylda «Buhara» tälim berýärkä hem işleşipdi. Şonuň üçin hem ony «Sogdianada» görmek teklibi baş tälimçiden gelen bolmagy hem ahmal.

Ildeşimiziň geçen möwsümde AGMK-niň düzüminde 23 duşuşyga çykandygyny ýatladýarys. Ol 1025 minut futbol oýnap, garşydaş derwezelere 2 pökgi geçirdi. Arslanmyrat Amanow AGMK bilen Özbegistanyň çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň