Gazagystanda ölüm jezasy ýatyryldy

10:1504.01.2021
0
7261

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew ýurtda ölüm jezasyny ýatyrýan kanuna gol çekdi.

Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň beren beýanyna görä, ýurtda ölüm jezasy resmi taýdan ýatyryldy.

Prezident Tokaýew "Ölüm jezasyny ýatyrmagy maksat edinýän raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnamanyň ikinji goşmaça teswirnamasy" hakyndaky kanuna gol çekdi.

Täze kanuna görä, mundan beýläk ölüm jezasynyň ýerine ömürlik türme tussaglygy ulanylar.

Şeýle hem, göz öňünde tutulýan kanunyň ýurtda uruş bolan ýagdaýynda harby häsiýetli agyr jenaýatlary edenlere degişlidigi nygtaldy.

Gazagystanda ölüm jezasy 2003-nji ýyldan bäri togtadyldy.

Ölüm jezasyny ýatyrmagy maksat edinýän Halkara Raýat we Syýasy Hukuklar Bileleşiginiň Ikinji goşmaça teswirnamasyna gatnaşýan ýurtlaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň 193 sany agza döwletiniň 88-si bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň