Soňky habarlar

Arhiw

Mejlisiň ýolbaşçysy we wise-premýerler "Bagabat" şypahanasyna baryp gördüler

23:5601.01.2021
0
15136

2021-nji ýylyň ilkinji gününde Mejlisiň ýolbaşçylary hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan döwrebap “Bagabat” şypahanasyna bardylar.

Ajaýyp künjekde guralan “Bagabat” şypahanasy munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Ýurdumyzyň alymlary tarapyndan geçirilen barlaglar arassa dag howasynyň, gezelençleriň adamyň saglygyna we özüni duýşuna oňat täsir edýändigini tassyklady.
“Bagabat” şypahanasynda ilata ýylyň dowamynda hyzmat etmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Bu ýerde anyklaýyş hem-de bejeriş bölümleri, şol sanda banneoterapiýa, suw we palçyk bilen bejeriş, fizioterapiýa hem-de SPA bölümleri hereket edýär, sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler bar.
Otaglar häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň iň soňky işläp taýýarlamalary bilen doly üpjün edildi.
Fitobarda çaýyň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Şolary taýýarlamagyň usullary milli Liderimiziň “Çaý — melhem hem ylham” kitabyndan alynýar.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde fitoterapiýa uly ähmiýet berýändigini bellemek gerek. Bu usul gadymdan bäri ata-babalarymyz tarapyndan saglygy dikeltmek, güýç toplamak üçin ulanylýar.
Mejlisiň ýolbaşçylarynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň şu gezek “Bagabat” şypahanasyna baryp görmegi adamlaryň boş wagtlarynda tebigata çykmaga çalyşýandyklaryna, tokaý zolaklaryna gezelenç edýändigine şaýatlyk edýär. Çünki, adamyň durmuşy mähriban tebigatymyzyň gözelligi bilen berk baglanyşyklydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň