«Ýylyň parlak ýyldyzy» Leýli Ökdirowa ykbalyny kesgitlän ýakymly pursat barada gürrüň berdi

18:2931.12.2020
0
11784

«Türkmenportalyň» habarçysy Täze ýyl agşamynyň asmanyny yşyklaryň bezeýän çagy ýaş we zehinli aýdymçy, «Ýylyň parlak ýyldyzy ― 2020» bäsleşiginiň ýeňijisi Leýli Ökdirowa bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Leýli, işiňiziň kändigine garamazdan, bu söhbetdeşlige wagt tapanyňyz üçin köp sag boluň. «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigindäki ýeňşiňiz bilen hem tüýs ýürekden gutlaýarys.

― Sag boluň!

― Meniň bilşime görä, döredijilige ýugrulan maşgalaňyz bar: siz meşhur bagşy Döwletgeldi Ökdirowyň neberesinden, doganyňyz hem ykbalyny aýdym-saz bilen baglanyşdyrdy. Aýdymçy bolmak ilkinji kararyňyzdymy ýa hünär babatynda başga islegleriňiz hem bardymy?

― Men diňe aýdym-saz meýdanyny saýladym. Emma ykbalymda opera aýdymçysy bolmak nesibesi bar eken. Ýadyma düşýär, mekdebe baranymda uly sahna hakdaky pikirim düýbünden ýokdy. Bir gezek mekdebimize owadan bir zenan geldi. Ol her bir çaga bilen aýratynlykda gürleşdi we seslerini barlady. Men onuň özboluşly synagyna iň soňky bolup gatnaşdym. Ilki maňa hiç kim üns hem bermedi: çünki men gysga boýludym. Nobatym hemmelerden soň ýetdi. Ol meni ýanyna çagyrdy, bile aýdym aýdyp başladyk. Sesiň iň ýokarky belentliklerine çenli çykdyk öýdýän. Birdenem ol saklandy-da: «Meniň kimdigimi bilýäňmi?» diýip sorady. «Ýok» diýdim. Ol özüni tanatdy. Görüp otursam, bu zenan Türkmenistanyň halk artsiti, belli opera ýyldyzy Roza Töräýewa eken. Hut, şol zenan hem meniň üçin aýdym-saz dünýäsiniň ilkinji gapysyny açdy. Şeýlelikde, 2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň kasam kabul ediş dabarasyna taýýarlanyp başladyk. Şeýdip, heniz mekdep okuwçysykam, uly sahnada çykyş etmek bagty nesip etdi. Şondan soň özümi bu işe ymykly bagyşlamagy makul bildim we beýleki hünärlerde özümi göz öňüne getirip hem bilmedim.

― Operanyň iňňän ýokary derejeli görnüşdigi, ýaşlaryň ony eýgermejekdigi barada pikirler bar. Siz bu barada nähili pikir edýärsiňiz?

― Hawa, şeýle pikir bar, ýöne dünýä üýtgeýär. Opera we nusgawy sazlara bolan garaýşyň her ýyl üýtgeýändigini gördüm. Ýaşlar bu sungata has köp üns berýärler. Diňe şu ýylyň özünde olardan köp sanly hatlar geldi. Olar konsertleriň has köp bolmagyny isleýärler. Bu juda ýakymly ýagdaý.

― Owadan sesler köp. Emma owadan sesi beýik aýdymçylyga öwürýän syr näme?

― Kiýewde Çaýkowskiý adyndaky akademiýada Kiýewde okanymda, talyp ýoldaşlarymyň köpüsiniň sesleri meni haýran galdyrýardy. Gynansagam, diňe az sanlysy ajaýyp aýdymçy bolup ýetişdi. Zehinden başga-da, munuň üçin uly sabyr we ägirt köp zähmet gerek.

― Size näme ylham berýär, haýsy aýdymça muşdaklyk edýärsiňiz? 

― Elbetde, kämahal ruhdan düşüp, «Bu zatlar kime gerek?» diýen sowala gaplanýaryn. Şeýle pursatlarda, Leo Delibesiň ajaýyp ariýalarynyň birini ýa-da Natali Dessaýyň ýerine ýetiren eserlerini diňleýärin. Şondan soň hemme zat ýerbe-ýer bolýar we bu sungatyň juda beýik sungatdygyna düşünýärsiň.

― Siziň pikiriňizçe, opera aýdymçysy nähili häsiýetde bolmaly?

― Elbetde, opera aýdymçysynyň güýçli häsiýetli bolmaly. Bu ýere nämäni girizip bolar: ilki bilen durnukly psihika, güýçli nerwler we, elbetde, öz-özüňi dolandyrmak, sabyr we erk.

― Siz köp syýahat edýärsiňiz we köp ýurtda çykyş edýärsiňiz. Haýsy ýurtda çykyş etmekden lezzet aldyňyz?

― Germaniýa, Italiýa, Belgiýa, ABŞ, Ýaponiýa, Türkiýe, Russiýa ýaly köp ýurtlarda boldum. Nýu-Ýorka syýahatymy hem ýakym bilen ýatlaýaryn. Bu şäher göwrümi we dürlüligi bilen meni haýran galdyrdy. 2016-njy ýylda türki halklaryň festiwalyna gatnaşdyk. Bu festiwal diýseň täsirli bolupdy.

― Iň soňky sowalymyz: eger ygtyýaryňyzda wagt enjamy bar bolsa we ony diňe bir gezek ulanyp bilýän bolsaňyz, kim bilen duşuşmak isleýärsiňiz?
― Şeýle mümkinçiligim bolan bolsa, garyndaşlarym we ýakyn adamlarym bilen duşuşmak islärdim. Olary ýene bir gezek gujaklaň ...

― Leýli, gyzykly söhbetdeşlik üçin sag boluň! Täze ýylyňyz gutly bolsun! Döredijilik ýolunda üstünlik, durmuş ýolunda bolsa çyn ýürekden söýgi tapyň! Bagtly bol! 

― Sag boluň we siziň hem 2021-nji ýylyňyz gutly bolsun!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň