Türkmenistanda baýramçylyk günlerinde bökdençsizligi ýola goýmak üçin nobatçylyklar bellenildi

14:2831.12.2020
0
12568

30-njy dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlaryna öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirmegi hem-de şonda Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde ministrliklerde we pudak edaralarynda nobatçylyk etmegiň tertibine seretmegi tabşyrdy. Nobatçylyk etjek işgärler we olaryň telefon belgileri şol tertipde görkezilmelidir. Bu häkimlere hem degişlidir.

Döwlet Baştutany baýramçylyk günlerinde her bir häkimlik, ministrlik we pudak edarasy boýunça nobatçy bellenilmelidigini, jemagat hojalygy, elektrik energiýasy hem-de suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, ýolagçy awtoulaglarynyň, dükanlaryň bökdençsiz we talabalaýyk işlemeginiň guralmalydygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň