Soňky habarlar

Arhiw

Täze ýyl baýramynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy wagtlaýyn işlemez

17:1030.12.2020
0
17234

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna çenli Täze ýyl we Roždestwo baýramlary mynasybetli wagtlaýyn işlemez.

Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda hem habar berildi.

2013-nji ýyldan bäri Russiýada 1 ― 8-nji ýanwar aralygynda resmi Täze ýyl dynç alşy berilýär. 2012-nji ýylyň 23-nji aprelinde Zähmet kodeksiniň 112-nji maddasyna degişli üýtgetmeler girizildi. Bu sekiz günüň içinde diňe 7-nji ýanwar Roždestwo baýramydyr, galan ýedi günde bolsa Täze ýyl bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň