Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynyň körpelerine-de kompýuterler gowşuryldy

10:3428.12.2020
0
11804

Öňňin Mary welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 1-nji synp okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Täze ýyl sowgady — «Bilimli» şahsy kompýuterleri gowşuryldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

2020-2021-nji okuw ýylynyň başynda welaýatyň umumybilim berýän orta mekdeplerine 6 ýaşyny dolduran körpeleriň 38 müňden gowragy 1-nji synpa okuwa kabul edildi. Täze kompýuterleri gowşurmak dabaralary welaýatyň ähli orta mekdeplerinde geçirildi. Olara Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabanyň hem-de Garpamygyň gatnaşmagy has-da täsirli boldy.

Welaýatda 26 sany ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdebiň bolmagy we olaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy ýaş nesilleriň gözýetimini has-da giňeldýär. Muny mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde, şeýle-de taslama-döredijilik bäsleşiginde görkezilýän netijeler hem doly tassyklaýar. Çagalara bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, hünär kämilleşdiriş işlerini dowamly guramak boýunça amala aşyrylýan asylly işler hem aýratyn bellenilmäge mynasyp. Şular dogrusynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň başlygy Myrat Kakajanow şeýle belledi:

—Welaýatymyzda 401 sany orta mekdep bolup, şol bilim ojaklarynyň 1-nji synpynda okaýan okuwçylaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan «Bilimli» atly kompýuterleri Aýazbaba agtygy Garpamyk bilen bile dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Bu pursatlar çagalaryň-da, olaryň ene-atalarynyň-da ýadynda hemişelik galar.

Şeýlelikde, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabatda we Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda birinji synp okuwçylaryna kompýuterler gowşuryldy. Olar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş nesle ajaýyp sowgady boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň