Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedowyň koronawirusyň öňüni almakda buýanyň peýdasy baradaky eden çykyşy

21:2626.12.2020
0
3371

Türkmenistanyň Prezidenti anna güni geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek bilen bagly meselelere ünsi çekip, buýan köküniň ähmiýeti barada belläp geçdi.

Hususan-da, asly käri boýunça lukman bolan hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýdi:

 – Türkmen topragy tebigy serişdelere örän baýdyr. Bu baýlyklar, elbetde, gazylyp alynýan peýdaly magdanlar, ozaly bilen bolsa uglewodorod serişdeleri, ýagny tebigy gaz, nebit, şeýle hem mineral serişdelerdir.

Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi ünsi aýratyn özüne çekýär. Biziň çölümizde-sähramyzda dürli ot-çöpler näçe diýseň bar. Bu bolsa maldarçylygy ösdürmäge-de amatly şertleri döredýär. Derýalarymyzyň jülgelerinde hem, daglarymyzda hem köp sanly täsin we peýdaly ösümlikler ösýär.

Müňýyllyklaryň dowamynda adamlar Zeminiň bu baýlyklaryny diňe bir iýmit däl-de, eýsem öt-çöpleriň we miweleriň köp görnüşlerini derman hökmünde hem ulanypdyrlar. Siziň bilşiňiz ýaly, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabymyň 12 jildi neşir edildi, emma men bu işiň soňuna ýetip bilemok. Sebäbi, «ýaşyl dermanhananyň» mümkinçiligi asla egsilmeýär.

Parasatly ata-babalarymyzdan dertlere garşy netijeli ulanylan, şypa beriji dürli melhem otlar hem bize miras galdy. Häzirki lukmançylyk ylmy bolsa bu ösümlikleriň birwagtlar ýönekeý usullarda anyklanan gymmatly häsiýetleriniň bardygyny tassyklaýar. Diňe tassyklamak hem däl, olary öwrenmek we netijeli ulanmak üçin giň mümkinçilikleri-de açýar.

Men alym we lukman hökmünde dermanlyk ösümliklere ylmy taýdan, bilip çemeleşmegi ündeýärin. Biziň köp sanly dermanlyk otlarymyz bolsa, şu nukdaýnazardan, heniz doly öwrenilenok. Men bu işlere Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinde işleýärkam başlapdym. Şol döwürde biz buýan köküni gaýtadan işleýän zawody gurduk, oňa ýer hem berdik. Bu kärhana süýji buýany ösdürip ýetişdirýärdi. Halk dermançylygy esasynda, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, şondan bejeriş-öňüni alyş serişdesini taýýarlaýan önümçiligi hem döretdik. II arasynda «süýji buýan» ady bilen belli bolan bu dermanlyk ösümligiň ýurdumyzda 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi duş gelýär.

Buýan köki ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onkibarmak içegäniň kesellerini bejermekde ir wagtlardan bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň derman serişdeleriniň ýygyndysyndaky sanawda bu ösümlik 1-nji bäşlikde durýar. Süýji buýanyň düzüminde 23 göterime çenli glisirrizin turşusy bar. Glisirrizin turşusynyň esasynda allergiýany, sowuklamany, bronh demgysmasyny, süýjüli başy (ekzemany) bejermekde we wiruslara garşy ulanylýan dermanlar taýýarlanýar.

Onuň adamyň kesellere garşy immun durnuklylygyny berkidýändigi hem anyklanyldy. Öňler buýany süýji hökmünde çaýa hem goşardylar. Soňky maglumatlara görä, süýji buýanyň ähmiýeti boýunça dermanlyk ösümlikleriň arasynda birinji ýerde durýandygyny mysal getirdi. Häzirki döwürde bu ösümlik 350-den gowrak derman serişdesiniň düzümine goşulýar.

 «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabymyň birinji jildinde buýan köküniň häsiýetini, biologik aýratynlyklaryny we himiki düzümini beýan etdim. Buýan köküni ata-babalarymyz dürli dertlerde, ozaly bilen, üsgülewükde, ýokarky dem alyş ýollarynyň kesellerinde netijeli ulanypdyrlar.

Alymlar bu ösümlikdäki işjeň madda bolan glisirrizin turşusynyň häzirki döwürde bütin dünýä bolup garşysyna göreşilýän täze koronawirus pandemiýa ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni alýandygyny belleýärler. Buýan köküniň şiresiniň az mukdary hem bu ýokanjy ýok etmekde gowy peýda berýär. Bu bolsa glisirrizin turşusynyň ýokançlara garşy täsirini düýpli öwrenmegiň zerurdygyny görkezýär.

Biz ýurdumyzyň çäklerine täze koronawirus ýokanjynyň getirilmegine ýol bermezlik üçin öz wagtynda ähli zerur çäreler gördük. Bu howply keseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, diňe serhetde däl, ýurdumyzyň içinde hem bellenilen çäreler dowam edilýär. Ýurdumyzda agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni we beýleki profilaktiki çäreler girizildi. Sebäbi häzir dünýäde pandemiýa bilen bagly örän howsalaly ýagdaý dowam edýär. Şoňa görä-de, ähli ýurtlaryň alymlary bu howply ýokanja garşy netijeli serişdeleri gözläp, köp sanly barlaglary geçirýärler. Bu meselede buýan köki şol serişdeleriň biri bolup bilerdi.

Bu bolsa türkmen we daşary ýurtly lukman hünärmenleriň bilelikde işlemegi üçin mümkinçilik açýar. Çünki bu serişdäni ulanmagyň oňat tejribesi toplanyldy. Derman serişdelerini öndürmek üçin Türkmenistanda süýji buýan gorlarynyň ýeterlik bar. Ol, elbetde, Ýer ýüzüniň köp ýerlerinde ösýär, ýöne türkmen buýany has gymmatly serişde hasaplanýar. Sebäbi biziň amatly howa şertlerimiz bu ösümlikde köp sanly peýdaly maddalaryň toplanmagy üçin şert döredýär. Türkmenistanyň çäklerinde müňýyllyklaryň dowamynda çölüň kyn tebigy şertlerine garşy durýan örän gowy ekoulgam emele geldi. Şeýle şertlere ösümlikler ýuwaş-ýuwaşdan uýgunlaşyp we yzgaryny saklap, ynsan üçin ähmiýetli bolan beýleki maddalary hem özünde jemläpdir. Sebäbi biziň topragymyzda azyk önümlerini öndürmek üçin hem, sagdyn durmuşda ýaşamak üçin hem ähli zerur şertler bar.

Buýan köki ýetişenden soň, kesim görnüşde bölünip, şiresi taýýarlanýar.

Buýan köki lukmanlaryň nesihaty boýunça ulanylsa dogry bolardy. Garaz, biz tebigy baýlyklarymyz bolan ösümliklerimizi adamlaryň saglygy üçin doly derejede peýdalanmalydyrys.

Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysyna bu meseläni mundan beýläk-de ylmy tarapdan düýpli öwrenmegi, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine bolsa işläp gelýän dermanhanalary döwrebaplaşdyrmagy we täzelerini gurmagy tabşyrýaryn.

Şeýle-de okaň!

Berdimuhamedow koronawirusyň öňüni almakda buýan köküni peýdalanmagy maslahat berýär

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň