Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda çagalar üçin oýnawaçlary öndürýän kärhanany döretmek boýunça işler alnyp barylýar

23:4925.12.2020
0
15079

Türkmenistanda çagalar üçin oýnawaçlary öndürýän kärhanany döretmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şu gün geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer Ç.Gylyjowyň habar bermegine görä, pudaklary döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny köpeltmek, içerki bazary Diýarymyzda öndürilýän daşary ýurtlaryň degişli harytlary bilen üstünlikli bäsleşip bilýän ýokary hilli harytlar bilen doldurmak boýunça hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Hususan-da, geçirilýän çäreleriň hatarynda çagalar üçin oýnawaçlary öndürmegi ýola goýmak boýunça işler hem bar.

Habar berlişi ýaly, birinji tapgyrda Aşgabat şäherinde ýumşak oýnawaçlary öndürmek boýunça öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyryljak kärhanany döretmek göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen birlikde, dünýä tejribesini öwrenmek hem-de hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň