Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynyň orta mekdepleriniň birinji synp okuwçylaryna kompýuterler gowşuryldy

10:0325.12.2020
0
8690

Täze ýylyň bosagasynda Daşoguz welaýatyndaky umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synp okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ajaýyp toý sowgatlary — häzirki zaman öwrediji kompýuterler gowşuryldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şu mynasybetli Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji, 25-nji hem-de 28-nji orta mekdeplerinde, S.Nyýazow adyndaky etrabyň 60-njy we 63-nji orta mekdeplerinde Aýazbaba bilen Garpamygyň gatnaşmagynda geçirilen toý dabaralary bu ajaýyp baýramyň unudylmajak pursadyna öwrüldi.

Şeýle dabaralar Aşgabat şäherinde, Ahal we we Balkan welaýatlarynda hem geçirildi. Täze baýramyna çenli Lebap we Mary welaýatynyň körpelerine-de täze kompýuterler gowşurylar.

Ozal hem habar berlişi ýaly, «Bilimli» atly kompýuterler Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy tarapyndan öndürildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň