Soňky habarlar

Arhiw

«Bold» tarapyndan goýlan iki awtoulagyň biriniň eýesi belli boldy

14:2224.12.2020
0
62289

«Bold» içgileri üçin utuşa goýlan iki awtoulagyň biriniň eýesi belli boldy. Satyn alan içgisiniň gapagyndan arzyly ýeňiş çykan Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy Şamyrat Dangeldiýew içgini öndüriji kompaniýa tarapyndan goýlan «Hyundai Sonata» awtoulagyna mynasyp boldy. Utuşda şeýle ulagyň ýene biriniň bardygyny ýatladýarys. 

«Bold» içgileriniň gapagynda awtoulagdan başga-da, telewizor, kondisioner, holodilnik, welosiped, şeýle hem «Samsung A10», «Redmi 9» we «iPhone 11» telefonlary hem utuş bolup gelip bilýär. 

«Bold» içgilerini öndüriji «Ýüpekçi» kompaniýasy utuşlaryň şu hepdäniň ahyryna çenli dowam etjekdigini ýatladýar we hemmeleri utuşa gatnaşmaga we bijesini synamaga çagyrýar. Munuň üçin «Bold» içgisini satyn alyp, gapagynyň aşagyndaky ýazga seretmek ýeterlik. Utuş gazanan müşderi +99361679121 belgili telefona jaň edip, baýragyny alyp biler.

Alkogolsyz içgileriň bazarynda 2015-nji ýyldan bäri işläp gelýän «Ýüpekçi» hususy kärhanasy «Näzli» gazlandyrylan içgilerini, «Buzz» sowuk çaýyny we «Näzli», «Hoşal», «7gen» miwe suwlaryny hem öndürýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň