Balkan welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň birinji synp okuwçylaryna hem Täze ýyl sowgady hökmünde kompýuterleri gowşurmak dabaralary ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Bagtyýar çagalaryň göwün guşuny ganatlandyryp, baýramçylyk şatlyklaryny goşalandyran bu dabara Täze ýylyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamygyň gatnaşmagy onuň şowhun-şatlygyny has-da artdyrdy.
Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda ýurdumyzyň günbatar sebitindäki umumy bilim berýän orta mekdeplerde birinji synpda okap, döwrebap bilim we terbiýe alýan okuwçylaryň sany 12 müňden geçýär. Şol mekdepleriň otuzysynyň soňky ýyllarda gurlup, ulanyşa tabşyrylan ähli amatlyklary bolan bilim ojaklarydygyny hem aýratyn nygtamak gerek.
Ýakynda Aşgabat şäherinniň we Ahal welaýatynyň körpelerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterler gowşurylypdy. Bu däp Täze ýyl baýramyna çenli ýurduň beýleki welaýatlarynda hem dowam etdiriler.