Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan elektrik energiýasynyň eksportuny artdyrdy

00:0823.12.2020
0
12855

Şu ýylyň dokuz aýynda Türkmenistana elektrik energiýasynyň eksportyndan gelip gowuşýan girdejiniň mukdary 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,4 esse artdy. Döwlet statistika komitetiniň habaryna görä, üpjünçiligiň fiziki mukdary 2,1 esse ýokarlandy ― diýip, "Media - Türkmen" habarlar agentligi ýazýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasy, esasan, Owganystana, Özbegistana we Eýrana eksport edilýär. Ýakyn geljekde türkmen elektroenergiýasynyň Owganystana eksportunyň möçberi artdyrylar.

― 2020-nji ýylyň ýanwar ― oktýabr aýlarynda ýurduň Energetika ministrligine tabyn kärhanalar 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende elektrik energiýasynyň önümçiligini 40,3 % ýokarlandyrdy. Çeşmäniň ýazmagyna görä, şu ýylyň 10 aýy üçin önümçilik meýilnamasy 122,9 % ýerine ýetirildi.

2020-nji ýylyň başynda Ministrler KabinetiniňBaşlygynyň orunbasary bolup işlän Çarymyrat Pürçekow Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine geçirildi. Ony wezipä bellän wagtynda türkmen Lideri elektrik energiýasynyň öndürilişiniň we eksportynyň mukdaryny ýokarlandyrmagyň we TOPH elektrik geçirijisini öz wagtynda gurmagyň möhümdigini aýratyn nygtady.

Energetika pudagyny ösdürmek boýunça meýilnama laýyklykda, 2024-nji ýyla çenli ýurtda elektrik energiýasynyň öndürilişi ýylda 33 milliard kilowat sagada ýetmeli. Bu maksada ýetmek üçin bar bolan önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň