Aşgabadyň orta umumybilim berýän mekdeplerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan birinji synp okuwçylaryna Täze ýyl sowgady hökmünde kompýuterleri gowşurmak dabaralary geçirildi.
Noutbuklara ýüklenen programma dürli öwrediş işlerini ýerine ýetirýär hem-de türkmen, rus we iňlis dillerindäki üç görnüşi özünde jemleýär. Mundan başga-da, täze kompýuterler olaryň eýeleriniň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp öndürildi we lukmançylyk talaplaryna kybap gelýär.
Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şol işler ýaş türkmenistanlylara iň ýokary dünýä ölçegleriniň derejesinde bilim almaga elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda ösüp gelýän nesillerimiziň dürli ugurlarda ýokary üstünlikleri gazanmaklary üçin hemme şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her ýyl birinji synp okuwçylarynyň her birine şahsy kompýuteri 2011-nji ýyldan bäri sowgat berýändigini bellemek gerek.
Bu işleriň örän ähmiýetlidigine häzirki dabaralara Mejlisiň deputatlarynyň, bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň we partiýalaryň wekilleriniň gatnaşmagy hem şaýatlyk edýär. Şeýle hem çagalary Täze ýyl baýramynyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk gutladylar.
Çagalar myhmanlar üçin ajaýyp çykyşlary taýýarladylar. Çagalaryň ýerine ýetirmeginde mähriban Watanymyza, hormatly Prezidentimize bagyşlanylan aýdym-sazlar hem-de goşgular ýaňlandy. Birinji synp okuwçylary sowgada tüýs ýürekden şatlanyp, noutbuklary hoşallyk bilen kabul etdiler.
Täze ýyl başlanýança kompýuterleri sowgat gowşurmak dabaralary ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň mekdeplerinde hem geçiriler.