Soňky habarlar

Arhiw

«Hasar» hojalyk jemgyýeti Täze ýyl sowgatlarynyň 200 müňüsini taýýarlady

10:5121.12.2020
0
9505

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Hasar» hojalyk jemgyýeti 200 müň sany Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlady ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Geçen ýyl bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan taýýarlanylan Täze ýyl sowgatlarynyň sany 100 müň bolan bolsa, bu ýyl ol iki esse köpdür. Hut şunuň özi-de, bu hojalyk jemgyýetinde süýji we konditer önümleriniň öňki ýyllardakydan köp öndürilendigini subut edýär.

Bu ýerdäki önümhana Germaniýanyň iň kämil enjamlary ornaşdyrylyp, hünärmenler olara ussatlyk bilen erk edýärler. Olar süýji, köke, wafli, marmelad ýaly, diňe bir körpe nesliň däl, uludan-kiçä hemmäniň çaý başynda gowy görýän lezzetli önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýärler. Bu datly önümler “Kerwen”, “Awaza”, “Bedew”, “Ak guw” ýaly owadan atlary, ajaýyp harytlyk görnüşi bilen-de müşderiniň ünsüni özüne çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň