Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Putine koronawirusa garşy tagallasy üçin minnetdarlyk bildirdi

15:3419.12.2020
0
15297
Berdimuhamedow Putine koronawirusa garşy tagallasy üçin minnetdarlyk bildirdi

18-nji dekabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisiniň dowamynda Prezident Berdimuhamedow rus kärdeşi Wladimir Putine koronawirus ýokanjyna garşy durmakda alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Wideomaslahat görnüşindäki mejlisiň dowamynda milletiň Lideri öz çykyşynda barýan ýylyň koronawirus ýokanjyna garşy göreşmegiň nyşany astynda geçip, GDA ýurtlarynyň saglygy goraýyş ulgamlary üçin uly synaga öwrülendigini belledi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şu çylşyrymly şertlerde GDA döwletleriniň lukmançylyk, arassaçylyk, gümrük we beýleki gulluklaryň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň ugurlaryny çaltlyk bilen ýola goýmagy başardy, täze wehime garşy durmakda ýokary jogapkärçiligi, raýdaşlygy hem-de özara goldawy görkezdi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutany Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine bu ählumumy meseläni çözmäge uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu tagallanyň Russiýanyň Lideriniň halkara giňişliginde abraýyny artdyrandygyny nygtady.

Pandemiýa garşy göreşmegiň hem-de onuň netijelerini aradan aýyrmagyň öňümizdäki döwründe şu ýörelgelerden ugur almalydygymyza ynanýaryn diýip, döwlet Baştutany belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň